Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda ýurdumyzyň çäginde Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň mümkinçiligine garamagy teklip eder. Şeýle hem Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny öňe sürer.
Bu taslama Günorta we Merkezi Aziýany Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bilen baglanyşdyrmaga gönükdirilendir.
