Türkmenistan Hemmeler üçin durnukly energetika atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk boýunça geňeşmeleri geçirer

Türkmenistan Hemmeler üçin durnukly energetika atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk boýunça geňeşmeleri geçirer

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, degişli resminama döwlet Baştutanymyzyň halkara başlangyçlarynyň esasynda taýýarlanyldy we halkara hyzmatdaşlygynyň birnäçe strategik ugurlaryny öz içine alýar.Hususan-da, ozal kabul edilen Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygynyň esasy orny atly Kararnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistan Hemmeler üçin durnukly energetika atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk görmek boýunça geňeşmeleri gurar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegi teklip eder
Türkmenistan BMG-de öňüni alyş diplomatiýasy boýunça täze Kararnamanyň taslamasyny hödürlär
Türkmenistan BMG-niň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlaryny hödürlär, olaryň hatarynda Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak başlangyjy hem bar
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda bilim we diplomatiýa ulgamlaryna degişli täze başlangyçlar bilen çykyş eder
Türkmenistan halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi teklip eder
Türkmenistan Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip eder