Türkmenistan Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip eder

Türkmenistan Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip eder

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş eder. Şeýle hem bu ugurda BMG-niň goldaw bermeginde Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG-de öňüni alyş diplomatiýasy boýunça täze Kararnamanyň taslamasyny hödürlär
Türkmenistan BMG-niň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlaryny hödürlär, olaryň hatarynda Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak başlangyjy hem bar
Türkmenistan halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi teklip eder
Türkmenistan Hemmeler üçin durnukly energetika atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk boýunça geňeşmeleri geçirer
Türkmenistan Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegi teklip eder
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürer