Türkmenistan BMG-de öňüni alyş diplomatiýasy boýunça täze Kararnamanyň taslamasyny hödürlär

Türkmenistan BMG-de öňüni alyş diplomatiýasy boýunça täze Kararnamanyň taslamasyny hödürlär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi.Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini hemmetaraplaýyn goldamak maksady bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny atly nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürlär.

Resminama sebit merkeziniň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki möhüm ornuna baha bermäge hem-de onuň işini mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Hemmeler üçin durnukly energetika atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk boýunça geňeşmeleri geçirer
Türkmenistan BMG-niň 81-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlaryny hödürlär, olaryň hatarynda Ählumumy parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak başlangyjy hem bar
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda bilim we diplomatiýa ulgamlaryna degişli täze başlangyçlar bilen çykyş eder
Türkmenistan halkara hukugyň, ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi teklip eder
Türkmenistan Halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip eder
Türkmenistan Durnukly söwda logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegi teklip eder