Türkmenistan EKSPO 2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup Milli gününi geçirer

Türkmenistan EKSPO 2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup Milli gününi geçirer

Türkmenistan EKSPO 2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda ilkinji bolup, has takygy, serginiň açylyşynyň ertesi güni 14-nji aprelde Milli gününi geçirer. Bu barada Orient habar berýär.

EKSPO 2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň Milli günleriniň tertibi golaýda EKSPO 2025-iň guramaçysy bolan Ýaponiýanyň Sergiler assosisiýasy tarapyndan mälim edildi.

Osaka şäherindäki Bütindünýä sergisi alty aý dowam eder. Onuň çäginde yglan 101 ýurduň Milli güni geçiriler.

Yglan edilen tertibe laýyklykda Türkmenistan Ýaponiýada geçiriljek Bütindünýä sergisinde Milli gününi geçiren ilkinji ýurt bolar. 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde ýurduň sergidäki Milli pawilýony aýratyn joşgunly bolar: hormatly myhmanlar çagyrylar, tematiki sergiler guralar we medeni çäreler geçiriler.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistan ilkinji bolup EKSPO 2025-iň gurluşyk meýdançasynda hem iň birinji baýdagyny diken ýurt bolupdy.

Ýene degişli makalalar

40 milliondan geçdi
Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy
EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli gününiň senesi tassyklanyldy
EKSPO-2025 sergisiniň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilionynyň dizaýnyny hödürledi
Türkmenistanyň wekiliýeti EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň halkara gatnaşyjylarynyň Ýaponiýadaky duşuşygyna gatnaşdy