Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy

Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy

Ýaponiýanyň Tokio şäherinde 27-nji martda geçirilen türkmen-ýapon işewürlik forumynyň üçünji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Osakada geçiriljek EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň resmi potratçysy “Belli” hojalyk jemgyýetiniň direktory öz çykyşynda Türkmenistanyň Milli pawilýonynyň dizaýny, daşky keşbi, gurluşyk işleri bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli materiallar ulanylýar. Mundan başga-da Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýapon halkyna we daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň milli medeni baýlyklary, ahalteke atlary, milli el halylary, öndürilýän önümler, ýurduň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýyllarynda ýetilen sepgitleri görkeziler hem-de türkmen milli naharlary, sowgatlyk önümler hödürlener.

Türkmen-ýapon işewürlik forumynyň üçünji mejlisiniň dowamynda Ýaponiýanyň EKSPO 2025 Bütindünýä sergi Assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsu Türkmenistanyň milli pawilýonynyň gurluşygynyň hemme düzgünlere we talaplara laýyk gelýändigini we öz wagtynda alnyp barylýandygyny nygtap, türkmen tarapynyň bu çärä örän jogapkärli we işjeň gatnaşýandygyny aýtdy.

“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde "Biz ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris" şygary bilen geçiriler.

Ýene degişli makalalar

EKSPO 2025 Bütindünýä sergisinde gurnaljak Türkmenistanyň Milli pawilýony tanyşdyryldy
Türkmenistan dünýäde ilkinji bolup EKSPO — 2025-iň gurluşyk meýdançasynda Döwlet baýdagyny dikdi
EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň Milli gününiň senesi tassyklanyldy
“EXPO 2025” sergisinden Türkmenistana Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi bölünip berildi
“Belli” kompaniýasy Ýaponiýadaky “EKSPO-2025” sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyny gurar
“EKSPO-2025” Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýony gurlar