Türkmenistan dünýäde ilkinji bolup EKSPO — 2025-iň gurluşyk meýdançasynda Döwlet baýdagyny dikdi

Türkmenistan dünýäde ilkinji bolup EKSPO — 2025-iň gurluşyk meýdançasynda Döwlet baýdagyny dikdi

Ozal habar berşimiz ýaly, 14 — 16-njy noýabrda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýada gulluk iş saparynda boldy.Saparyň çäklerinde EKSPO — 2025 Bütindünýä sergisiniň gurluşyk işleri bilen tanşyldy, şeýle-de degişli ýolbaşçylar tarapyndan Türkmenistana ilkinji bolup Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi bölünip berildi.

Bu barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Biznes reklama gazeti öz resmi saýtynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Ýumeşima emeli adasynda geçiriljek EKSPO — 2025 Bütindünýä sergisiniň gurluşyk ýerine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, Ýaponiýanyň EKSPO — 2025 Bütindünýä sergisi boýunça Assosiasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň pawilýonynyň potratçysy Belli hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary aýlanyp gördüler.

Bu ýerde ýapon tarapyndan alnyp barylýan serginiň gurluşyk işleri bilen tanşyldy.Türkmenistanyň wekiliýeti Milli pawilýonynyň gurluşyk ýerini görüp, Ýaponiýanyň EKSPO — 2025 Bütindünýä sergisi boýunça Assosiasiýasy tarapyndan birinji ýurt hökmünde ýer bölegini aldy.

Habarda bellenilmegine görä, Türkmenistan Ýaponiýanyň Ýumeşima emeli adasynda geçiriljek EKSPO — 2025 Bütindünýä sergisiniň gurluşyk ýerine ilkinji bolup Döwlet baýdagyny dikdi.

Türkmenistanyň Bütindünýä serginiň gurluşyk meýdançasyna ilkinji bolup Döwlet baýdagyny dikmegi ýapon habar beriş serişdelerinde uly seslenme döretdi. Bu waka Ýaponiýanyň abraýly teleýaýlymlarynda we metbugat serişdelerinde şol günüň esasy täzelikleriniň birine öwrüldi.

Ýaponiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde aprel aýynda başlap, oktýabr aýyna çenli dowam etjek bu uly çärä taýynlyk işlerinde Türkmenistanyň iň öňdebaryjy ýurtlaryň biri hökmünde tapawutlanýandygyny, şeýle-de soňky ýyllarda türkmen-ýapon hoşniýetli dostluk gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygynyň täze derejelere çykýandygyny aýratyn bellediler.

Ýene degişli makalalar

EKSPO 2025 Bütindünýä sergisinde gurnaljak Türkmenistanyň Milli pawilýony tanyşdyryldy
Tokioda Türkmenistanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisindäki Milli pawilýony bilen tanyşdyryldy
“EXPO 2025” sergisinden Türkmenistana Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi bölünip berildi
Çeşme: Türmede ýiten biznesmeniň daşary ýurtdaky aýalyna howp abanýar
Türkmenistanda dürli ölçegli “NowaEco” ofis kagyzlary öndürilip başlandy
“Owadan Ülke” saryýag we şokolad pastasyny tanyşdyrdy