Milli, halkara kompaniýalar “EKSPO 2027” sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonyny gurmaga çagyrylýar

Milli, halkara kompaniýalar “EKSPO 2027” sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonyny gurmaga çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi 2027-nji ýylda Serbiýanyň Belgrad şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “EKSPO 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi.

Duşenbe güni çap edilen “Biznes Reklama” gazetinde habar berilmegine görä, bäsleşige hödürlenilýän teklipler 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 13-ne, sagat 18:00-a çenli kabul ediler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew mart aýynyň 13-ne sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “EKSPO 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat beripdi.

Hasabata görä, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda geçiriljek sergä taýýarlygyň çäklerinde ýurduň milli pawilýonynyň gurluşyk-gurnama, enjamlaşdyryş we bezeg işleri boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Ýanwar-oktýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy $947,7 milliondan geçdi
Türkmenistanyň we Russiýanyň baş diplomatlary bilelikde geçiriljek çäreleriň tertibini ylalaşdylar
Türkmenistanda rumyn uniwersitetiniň şahamçasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
Daşary ýurtly artistler Aşgabadyň Buzly köşgünde Täze ýyl konsertlerini bererler