Türkmenistan, Eýran we Özbegistan wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi maslahatlaşarlar

Türkmenistan, Eýran we Özbegistan wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi maslahatlaşarlar

Özbegistanyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministri Aziz Abdulhakimow duşenbe güni Tähran şäherinde Eýranyň medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ezatollah Zargami bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Aziz Abdulhakimow wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň, Eýranyň we Özbegistanyň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirmegi teklip etdi.

IRNA agentliginiň habaryna görä, üç taraplaýyn duşuşygyň çäginde taraplar gara ýollaryň we demirýollaryň infrastrukturasyny berkitmek we päsgelçilikleri aýyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

Şeýle hem Aziz Abdulhakimow taraplaryň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň we Türkmenistanyň, Eýranyň hem-de Özbegistanyň arasynda üç taraplaýyn duşuşygy geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Özbegistan bilen Eýran şu ýylyň iýun aýynda Özbegistan — Türkmenistan — Eýran üçtaraplaýyn multimodal ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Salih Al Aruriniň Janyna Kast Edilmegi ABŞ-na Ýaramaz Täsirini Ýetirer
Ali Hamaneý, Yslamy Jihad Hereketiniň Baş Sekretaryny Kabul Etdi
Eýran Bilen Ermenistan Ykdysady Gatnaşyklaryny Ösdürmek Isleýär
Eýranda çägeli tupan başdan geçirilýär
Eýranyň Kirman şäherinde partlama boldy
Eýranda Nebiti Gaýtadan İşleýän Zawodda Ýangyn Boldy