Eýranda Kazylaryň Janyna Kast Edildi

Eýranda Kazylaryň Janyna Kast Edildi

Eýranyň paýtagty Tähranda Ýokary kazyýetiň öňünde guralan ýaragly hüjümde 2 kazy ýogaldy, biri ýaralandy.

Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA-nyň berýän habaryna görä, Tährandaky Ýokary kazyýetiň öňünde ýaragly hüjümçi tarapyndan kazylaryň janyna kast edildi.

Hüjümde Hüjjetulislam Mukise we Hüjjetulislam Razini atly iki kazy ýogaldy, bir kazy bilen janpenasy hem ýaralandy.

Hüjümçi wakadan soň özüni atyp öldürdi.

Ýene degişli makalalar

Buşehr atom bekedi ABŞ bilen Ysraýylyň guran bilelikdäki hüjüminde nyşana alyndy
ABŞ-nyň Eýranyň Çabahar portuna guran hüjüminde Harby-deňiz güýçleriniň gözegçilik diňi weýran boldy
Eýran, Harby Türgenleşik Geçirýär
Eýranda sil apaty sebäpli 15 adam ýogaldy
Ysraýyl Siriýa hüjüm gurady
“Netanýahu Asylyp Öldürilmeli”