Türkmenistan Gazagystana tebigy gaz berer

Türkmenistan Gazagystana tebigy gaz berer

20-nji maýda prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana sapara gelen Gazagystanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy habar berýär.

Duşuşykda Gazagystana türkmen gazyny akdyrmaga ylalaşyldy. Şeýlede gazak tarapy däne saklanýan terminaly gurmak baradaky taslama gyzyklanma bildirdi diýip neşir ýazýar.

Şol günüň özünde, prezident Kasym-Jomart Tokaýewiň ýollan haty çap edildi. Ol “tebigy gaz akdyrmak barada taslamalary durmuşa geçirmek, şeýlede türkmen-owgan araçäginde däne terminaly gurmak bilen bagly geçen oktiýabrda gazanylan anyk ylalaşyklary” kärdeşine ýatlatdy. Şol taslamalary maslahatlaşmak üçin Sklýar Aşgabada ýollanypdy.

Gazak hökümetiniň saýtynda taraplaryň söwda-ykdysady,oba hojalyk we energiýa pudaklary boýunça hyzmatdaşlygy, şeýlede Tokaýewiň Türkmenistana saparynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň maslahat edilendigi gysgaça habar berilýär.

Şeýlede Sklýar nebit-gaz boýunça wise-premýer Şahym Awdyrahmanow, söwda gözegçilik edýän Çary Gylyjow we OHT-na gözegçilik edýän Esenmyrat Orazgeldiýew bilenem gepleşikler geçirdi.

-24-25-nji oktiýabrda prezident Tokaýewiň Türkmenistana döwlet sapary boldy. Onuň metbugat ýygnakda beren habaryna laýyklykda,Gazagystan demir, iýmit we derman pudaklary boýunça hyzmatdaşlyga, şeýlede ol Türkmenistana oba hojalyk önümlerini, öňi bilen un we galla bermäge taýýar. Mundan başga-da, türkmen gazyny satyn almagyny ep-esli artdyrmaga Gazagystanyň taýýardygy aýdylýar.

-Geçen ýylyň 11-nji ýanwarynda Türki döwletleriniň Guramasynyň DIM-niň maslahatynda DIM Raşid Meredow Türkmenistanyň Gazagystana tebigy gaz we elektrik energiýa akdyrmaga taýýardygyny habar berdi.

-Şu ýylyň fewralynda Sklýar Aşgabada sapar edende, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, wise-premýer kiçi Berdimuhamedow bilen gepleşikler geçirip, Gazak lideriniň Türkmenistana döwlet saparynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar.

The post Türkmenistan Gazagystana tebigy gaz berer first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?
Tokaýew we Aliýew Gazagystan bilen Azerbaýjanyň arasynda täze maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Özbegistana Iş Saparyny Gurady
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Germaniýanyň Kansleri Merkezi Aziýa döwletleriniñ Prezidentleri bilen duşuşar
Gazagystanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi