Tokaýew we Aliýew Gazagystan bilen Azerbaýjanyň arasynda täze maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Tokaýew we Aliýew Gazagystan bilen Azerbaýjanyň arasynda täze maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Azerbaýjanyň Lideri Ilham Aliýew ýurda sapar bilen gelen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy diýip, MIR 24 habar berdi.

Gazak Lideri Aliýewi golaýda geçen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi hem-de öňde duran BMG-niň Baku şäherinde geçjek 29-njy Howa maslahaty bilen gutlady. Ikiçäk gepleşikleriň barşynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady, üstaşyr-ulag, energetika we medeni-gumanitar gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle-de Gazagystanyň we Azerbaýjanyň ykdysady ösüşinde täze sepgitleri alamatlandyrjak maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegine garadylar.

Tokaýew 11-nji martda Azerbaýjana döwlet sapary bilen bardy.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Deňagramlyk gözlegleri. Ukrainada iki ýyl dowam eden uruş Merkezi Aziýany nähili özgertdi?
Tokaýew suw süýşgünleri sebäpli öňdäki on güni iň kyn döwür diýip atlandyrdy
H.Geldimyradow: Türkmenistan soňky ýyllarda SPEKA girýän ýurtlar bilen söwda hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi
Analitika: Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary СOP-28-de nähili garaýyşlary öňe sürdüler?!
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutladylar