Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutladylar

Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutladylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Biziň halklarymyzy köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny bellemek guwandyryjydyr.Gazagystan Türkmenistanyň ygtybarly dosty hem hyzmatdaşy bolup gelýär.Biziň hyzmatdaşlygymyz ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň netijesinde pugtalanmagyny we ösmegini dowam etdirýär.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar dürli pudaklary, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni, bilim, ulag we beýleki ugurlary öz içine alýar.Biz halklarymyzyň bähbidi üçin mundan beýläk-de özara düşünişmegi pugtalandyrarys we ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelderis diýlip, hatda bellenilýär.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Gazagystan Garaşsyzlygynyň ösüş ýyllarynda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde we halkynyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly işleri bitirdi.Häzirki döwürde bu ýurt dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen, ynamly öňe barýar.

Men Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Siziň ýurduňyza amala aşyran saparymyň çäklerinde Astana şäherinde geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn.Gepleşiklerdäki açyklygyň, ynanyşmagyň ýokary derejesi taraplaryň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek baradaky üýtgewsiz islegleriniň bardygyny görkezdi diýlip, hatda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Tokaýew suw süýşgünleri sebäpli öňdäki on güni iň kyn döwür diýip atlandyrdy
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Gazagystana sapar bilen barar
Analitika: Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary СOP-28-de nähili garaýyşlary öňe sürdüler?!
Serdar Berdimuhamedow Tokaýewi Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentine gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady