Analitika: Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary СOP-28-de nähili garaýyşlary öňe sürdüler?!

Analitika: Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary СOP-28-de nähili garaýyşlary öňe sürdüler?!

Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahaty (СOP-28) geçirilýär. 28-nji noýabrda başlanan СOP-28-iň işine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem 1-2-nji dekabrda BAE-de iş saparynda bolup, maslahatda maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň hem Liderleri gatnaşyp, howanyň üýtgemegine garşy bilelikde göreşmek bilen bagly birnäçe garaýyşlary öňe sürdüler.

Turkmenportal okyjylary üçin СOP-28-de Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan öňe sürlen esasy garaýyşlary olaryň Metbugat gulluklarynyň beýanatlaryna salgylanyp, bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:

Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara we milli derejede maksada okgunly işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýär. Şol iş bolsa howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge ýardam berer. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara tagallalara ýurdumyzyň goşandy möhüm meseleleriň biri bolup durýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany maslahatyň belent münberinden Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi we öz ýurdunyň borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini nygtady.

Mundan başga-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň maslahatda teklip edilýän Howa we saglyk boýunça Jarnamany, Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny hem-de Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin СOP-28 koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy doly goldaýandygyny mälim etdi.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew:

Aral heläkçiligi sebäpli howanyň üýtgemegi bilen bagly ýaramaz täsirler Merkezi Aziýada has ýiti duýulýar. Sebitimizde howanyň maýlamagy dünýädäki ortaça görkezijiden iki esse ýokarydyr. Aşa yssy günleriň sany iki esse köpeldi, buzluklaryň üçden biri eredi.

Ýaşyl ykdysadyýete geçmek we uglerod bitaraplygyny gazanmak Özbegistanyň ileri tutýan strategik maksatlarynyň hataryndadyr.

Ählumumy pes uglerodly ykdysadyýete geçiş adalatly, aç-açan we inklýuziw bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde bu ugurda ösüp barýan döwletleriň hem bähbitlerini göz öňünde tutmak zerur. Bu möhüm meseläni uly ýedilik we uly ýigrimilik formatlaryndaky dialoglarda yzygiderli ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmak maksada laýyk bolar.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew:

Kiçijek adalar görnüşinde ösýän, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler we az ösen ýurtlar iň uly töwekgelçigiň astynda galýarlar. Dowamly geosyýasy durnuksyzlyk we energetika howpsuzlygynyň bolmazlygy gün tertibindäki howa bilen bagly meseleleri çözmekligi kynlaşdyrýar.

Ýurdumyzyň ýel we gün energiýasyny işläp çykarmaklygy ösdürmek, şeýle hem ýaşyl wodorod öndürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bar. Bu mümkinçiligi durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki tagallalary dowam etdireris.

Ösüp barýan döwletlerden howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin milli ösüşi we döwrebaplaşdyrmagy ikinji derejä geçirmegi talap etmezlik ýerlikli we adalatly diýip hasaplaýaryn. Has dogrusy, bu maksatlaryň bilelikde durmuşa geçirilmegi we olaryň biri-birini pugtalandyrmagy gerek. Batyrgaý ädimler zerur.

Metan zyňyndylaryny azaltmak global maýlamagy haýallatmagyň iň çalt usulydyr. Şol sebäpli-de, Gazagystanyň Metan zyňyndylaryny azaltmak baradaky Ählumumy borçnama goşulýandygyny uly şatlyk bilen yglan edýärin.

2050-nji ýyla çenli ählumumy maýlamagyň derejesini 1,5 gradus derejesinde saklap bilen ýagdaýymyzda hem, Merkezi Aziýa howanyň 2,5 gradus ýokary bolmagy bilen ýüzbe-ýüz bolar. Bu bolsa suw ýetmezçiligine, gurakçylyga we çölleşmä sebäp bolup biler. Şonuň üçin hem uýgunlaşmak (howanyň üýtgemegine — Turkmenportalyň redaksiýasy) gutulgysyz we hökmanydyr.

Planetamyzy goramak we hemmeler üçin durnukly geljegi üpjün etmek biziň umumy jogapkärçiligimizdir. Gazagystan howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmäge diňe bilelikdäki hereketleriň we hyzmatdaşlygyň ýardam etjekdigine berk ynanýar.

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow:

Howanyň üýtgemegi eýýäm buzluklaryň çalt eremegine we kiçelmegine, gurakçylygyň we suw ýetmezçiliginiň has uzak dowam etmegine, adamlaryň saglygynyň ýaramazlaşmagyna hem-de tebigy betbagtçylyklaryň sanynyň köpelmegine sebäp boldy.

Bu ykdysadyýetiň esasy pudaklaryna, ilkinji nobatda, energetika we oba hojalygyna gaty ýaramaz täsirini ýetirdi we ýetirmegini dowam edýär. Göni we gytaklaýyn ýitgilerden gelýän zyýan ýylsaýyn artýar.

Gyrgyzystan atmosfera zyňylýan parnik gazlaryň derejesi pes ýurt hasaplanýar. Ýurt Pariž ylalaşygyna ygrarly bolmagynda galýar we 2030-njy ýyla çenli zyňyndylary adaty işewürlik meýilnamasy esasynda 16 göterime çenli, halkara goldaw berlen ýagdaýynda bolsa 44 göterime çenli azaltmagy meýilleşdirýär.

Men dünýä jemgyýetçiligini, ilkinji nobatda, ösen ýurtlary ýitgiler we zyýanlar boýunça gaznanyň işini mümkingadar tiz ýola goýmak, gönüden-göni maliýe kömegi, täzeçil tehnologiýalary muzdsuz bermek we daşky gurşaw maksatnamalary üçin karzlaryň mehanizmini döretmek arkaly ösüp barýan we howanyň üýtgemegi has ýiti duýulýan daglyk döwletleri işjeň goldamaga çagyrýaryn.

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon:

Territoriýasynyň 93 göterimini daglar eýeleýän Täjigistan hem tiz-tizden ýüze çykýan tebigy betbagtçylyklar sebäpli howanyň üýtgemegine duýgur döwlet hasaplanýar. Tebigy heläkçilikler her ýyl Täjigistanyň ykdysadyýetine ýüzlerçe million dollarlyk zeper ýetirýär, kä halatlarda bolsa adam pidalaryna hem getirýär.

Häzire çenli Täjigistandaky 13 müň sany buzlugyň müňden gowragy bütinleý eräp gutardy. Merkezi Aziýadaky suw gorlarynyň 60 göterimi bolsa Täjigistanyň buzluklaryndan emele gelýär.

Biz ýaşyl ykdysadyýeti emele getirmekligi we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmaklygy Pariž ylalaşygynyň maksatlaryna ýetmegiň ýollaryndan biri hasaplaýarys.

Beýleki ösüp barýan döwletler ýaly, Täjigistan üçin hem diňe býujet serişdeleriniň hasabyna ýaşyl ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrmak kyn. Şol sebäpli-de bu ugurda ýurduň mümkinçiliklerini ösdürmek we pugtalandyrmak üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we ösen döwletleriň goldawy biziň üçin möhümdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburga iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Türkmenistanyň Prezidenti GDA agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşýar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Gazagystana sapar bilen barar
Samsung Galaxy Watch akylly sagatlary indi başga planetalardaky wagty hem görkezýär