Tokaýew suw süýşgünleri sebäpli öňdäki on güni iň kyn döwür diýip atlandyrdy

Tokaýew suw süýşgünleri sebäpli öňdäki on güni iň kyn döwür diýip atlandyrdy

Gazagystanda öňdäki on gün, ýurdy basan suw süýşgünleri sebäpli, iň agyr döwür bolar diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Onuň sözlerini Gazagystanyň döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy çap etdi diýip, Ren.tv ýazýar.

Tokaýew suw süýşgünlerini umumymilli betbagtlyk hökmünde häsiýetlendirdi we ähli ejir çeken raýatlara ýetirilen ýitginiň öweziniň dolunjakdygyny belledi.

Döwlet Baştutany şeýle hem ýurduň Hökümetine we beýleki döwlet edaralaryna serişdeleri tygşytlamak üçin iri çäreleri geçirmekden saklanmagy tabşyrdy. Netijede, Astana halkara forumy ýatyryldy, Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna, ýurduň Tokioda geçjek Bütindünýä sergisine gatnaşmagy bilen bagly göz öňünde tutulan serişdeler azaldyldy.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň döwlet tugrasy üýtgedilip bilner
Olžas Bektenow Gazagystanyň täze Premýer-ministri boldy
Kasym-Žomart Tokaýew Katara sapar bilen barar
Gazagystanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa barar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Tokaýewe Katary esaslandyryjy Şeýh bin Taniniň gylyjyny sowgat berdiler