Gazagystanyň döwlet tugrasy üýtgedilip bilner

Gazagystanyň döwlet tugrasy üýtgedilip bilner

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň Döwlet tugrasyny (gerbini) üýtgetmek baradaky meseläni öwrenmek üçin ýörite topar döretmegi teklip etdi. Ol bu barada düýn— annada ýurduň Atyrau şäherinde geçen Milli gurultaýyň ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy diýip, Interfax.ru ýazýar.

Döwlet tugrasy barada aýdylanda, men bilermenleriň we gyzyklanýan raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň Gazagystanyň gerbiniň çylşyrymlydygy, onda sowet döwrüniň nyşanlarynyň bardygy barada garaýyşlaryny göz öňünde tutmak maksadalaýyk diýip hasaplaýaryn diýip, Tokaýew nygtady.

Tokaýew umumy ylalaşylan halatynda ýörite topar düzmek bilen, bu sowal babatda jemgyýetçilik pikirini öwrenmegiň gerekdigini aýtdy, şondan soňra Gazagystanyň täze Döwlet tugrasynyň iň oňat bezegi üçin açyk bäsleşigi guramak gerek diýip, ol sözüni jemledi.

Gazagystanyň Döwlet gerbi 1992-nji ýylda ýurt Garaşsyzlygyny alandan soň resmi taýdan kabul edildi. Onuň awtorlary arhitektorlar Žandarbek Malibekow we Şot-Aman Ualihanowdyr.

Ýene degişli makalalar

Tokaýew suw süýşgünleri sebäpli öňdäki on güni iň kyn döwür diýip atlandyrdy
6-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Olžas Bektenow Gazagystanyň Täze Premýer-ministri Boldy
Olžas Bektenow Gazagystanyň täze Premýer-ministri boldy
Kasym-Žomart Tokaýew Katara sapar bilen barar
Tokaýewe Katary esaslandyryjy Şeýh bin Taniniň gylyjyny sowgat berdiler