Olžas Bektenow Gazagystanyň täze Premýer-ministri boldy

Olžas Bektenow Gazagystanyň täze Premýer-ministri boldy

Gazagystanyň täze Hökümet başlygy Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň diwanynyň başlygy bolup işlän Olžas Bektenow boldy.

Gazagystanyň täze Hökümet başlygy Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň diwanynyň başlygy bolup işlän Olžas Bektenow boldy. Perman döwlet Baştutanynyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, MIR 24 ýazýar.

Bektenowyň wezipä kandidaturasyny Amanat partiýasy hödürledi, ony Prezident goldady. Ýurduň Mejlisindäki syýasy partiýalaryň köpüsi onuň wezipä bellenmegini goldap ses berdi.

Gazagystanyň täze Premýer-ministri 43 ýaşynda. Ol Astana we Almaty şäherleriniň ýustisiýa we döwlet satyn alyş edaralarynda, Premýer-ministriň diwanynda we beýleki döwlet edaralarynda işledi. 2023-nji ýylda Gazagystanyň Prezidentiniň diwanynyň başlygy boldy.

Ýene degişli makalalar

Olžas Bektenow Gazagystanyň Täze Premýer-ministri Boldy
Tokaýew suw süýşgünleri sebäpli öňdäki on güni iň kyn döwür diýip atlandyrdy
Analitika: Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary СOP-28-de nähili garaýyşlary öňe sürdüler?!
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutladylar
Serdar Berdimuhamedow Tokaýewi Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidentine gutlag iberdi