Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

“Biziň halklarymyzy köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny bellemek guwandyryjydyr.Gazagystan Türkmenistanyň ygtybarly dosty hem hyzmatdaşy bolup gelýär.Biziň hyzmatdaşlygymyz ýokary derejedäki yzygiderli saparlaryň netijesinde pugtalanmagyny we ösmegini dowam etdirýär.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar dürli pudaklary, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni, bilim, ulag we beýleki ugurlary öz içine alýar.Biz halklarymyzyň bähbidi üçin mundan beýläk-de özara düşünişmegi pugtalandyrarys we ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelderis” diýlip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Gazagystanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň ähli halkyna Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Ýene degişli makalalar

Tokaýew suw süýşgünleri sebäpli öňdäki on güni iň kyn döwür diýip atlandyrdy
Olžas Bektenow Gazagystanyň täze Premýer-ministri boldy
Kasym-Žomart Tokaýew Katara sapar bilen barar
Tokaýewe Katary esaslandyryjy Şeýh bin Taniniň gylyjyny sowgat berdiler
Gazagystanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa barar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Gazagystana sapar bilen barar