Türkmenistan gazeti döredijilik bäsleşigini jemledi

Türkmenistan gazeti döredijilik bäsleşigini jemledi

20-nji dekabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistan gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde geçiren Maşgalanyň abadançylygy — döwletiň berkararlygy atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Türkmenistan gazetiniň habar berşi ýaly, bu döredijilik bäsleşigi Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly, Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Şeýlelikde, bäsleşik yglan edilen gününden başlap, onuň tamamlanýan gününe — 30-njy noýabra çenli Türkmenistan gazetiniň redaksiýasyna makalalaryň, oçerkleriň, söhbetdeşlikleriň köp sanlysy gelip gowuşdy.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistan gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanan diplomlardyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Iki ugur — makalalar hem-de söhbetdeşliklerdir oçerkler boýunça geçirilen bäsleşikde iberen eserleriniň düzgünnamada görkezilen şertlere laýyk gelýändigi göz öňünde tutulyp, şeýle-de eminler toparynyň çözgüdi esasynda, ýeňijiler hökmünde şu aşakdaky awtorlar kesgitlenildi:

MAKALALAR BOÝUNÇA:

Baş baýrak: Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, ýazyjy Atajan Tagan;

1-nji orun: Zenan kalby žurnalynyň öz habarçysy Keýik Umarowa;

2-nji orun: Edebiýat we sungat gazetiniň bölüm redaktory Meretgylyç Ýagmyrow hem-de Behişdi ahalteke atlary, Türkmeniň nusgalyk alabaýy žurnallarynyň baş redaktory, žurnalist Narly Nuryýew;

3-nji orun: Daşoguz habarlary gazetiniň habarçysy Gurban Gurbanow, Mugallymlar gazeti gazetiniň bölüm redaktory Şähribossan Öwezowa hem-de Tagtabazar etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, mekdebiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Akmuhammet Gurbanow.

SÖHBETDEŞLIKLER, OÇERKLER BOÝUNÇA:

Baş baýrak: Türkmennebit döwlet konserniniň Nebitgazburawlaýyş trestiniň Burnebitgazhyzmat müdirliginiň hünärmeni Amanmyrat Kiçigulow;

1-nji orun: Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Sapargeldi Durdyýew;

2-nji orun: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň baş ylmy işgäri Nurgözel Bäşimowa hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Begenç Annaýew;

3-nji orun: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Sülgün Myratgeldiýewa, çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Baýgeldi Çaryýew hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Annabeg Aýmakowa.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türki Döwletleriň Guramasy Biziň Iň Uly Arzuwymyzdy
Suratkeşleriň ýurdumyzyň Bitaraplygyna bagyşlan sergisi açyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY