Türkmenistan himiýa senagatyny ösdürmekde “Daewoo E&C” kompaniýasynyň tekliplerine seretmäge taýýar

Türkmenistan himiýa senagatyny ösdürmekde “Daewoo E&C” kompaniýasynyň tekliplerine seretmäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen penşenbe güni Aşgabatda geçiren duşuşygynda türkmen tarapynyň Türkmenistanda himiýa senagatyny ösdürmekde, hususan-da, fosfor, ammiak, karbamid dökünlerini öndürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça koreýaly hyzmatdaşlaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda gazhimiýa senagaty, ulag, ýokary tehnologiýalar, maýa goýum ulgamlary we beýlekiler hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem türkmen şäherleriniň täze keşbini kemala getirmek, Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna we “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmagy babatda uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.

Bek Jung-Wan ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolan Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi, bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy üçin berk binýadyň döredilendigine ünsi çekip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Daewoo koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Daewoo koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistan akylly şäherleriň gurluşygy boýunça Russiýa bilen tejribe alyşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky sözlän sözi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşy