Türkmenistan akylly şäherleriň gurluşygy boýunça Russiýa bilen tejribe alyşýar

Türkmenistan akylly şäherleriň gurluşygy boýunça Russiýa bilen tejribe alyşýar

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Niýazliýew Moskwa şäheriniň meriniň (häkiminiň) orunbasary, Ulag we ýol-ulag infrastrukturasynyň ösüşi departamentiniň başlygy Maksim Liksutow bilen duşuşdy. Taraplar ýerüsti ulag infrastruturasy, häzirki zaman şäher toplumlarynyň we akylly şäherleriň döredilmegi ýaly ulgamlardaky özara hereketlere aýratyn gyzyklanma bildirdiler.

Maksim Liksutowyň nygtaýşy ýaly, ulag howpsuzlygy, ulag duralgalarynyň işjeňleşdirilmegi, uly şäherleriň mümkinçiliklerinde ulaglary dolandyrmagyň elektron ulgamlarynyň girizilmegi ýaly ugurlarda-da hyzmatdaşlyk etmek üçin oňyn şertler bar. Şu nukdaýnazardan, anyk gepleşikleriň geçirilmegi üçin Moskwanyň Hökümet wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň guramaçylygynyň mümkinçiliklerine seredildi.

Rus tarapy hyzmatdaşlygyň ilkinji ädimi hökmünde saparyň barşynda Aşgabat-siti taslamasynyň gurluşygynda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy, ulag infrastrukturasynyň kemala getirilmegi, türkmen oba hojalyk önümleriniň Moskwa eksport edilmegi üçin ýaşyl geçelgeleriň döredilmegi, Türkmenistanyň we Moskwanyň telekeçilik düzümleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürlik maslahatynyň geçirilmegi ýaly meselelere seretmegi teklip etdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda rus kinosynyň festiwaly geçirilýär
Peskow: "Russiýadaky partlama terrorçylykly aksiýa" diýdi
Moskwadaky Ýeňiş parady Aşgabatda togtadylan dekolonizasiýa prosesiniň 'gulagyny şaňlatdy'
Alym: nihoniniň bir gramy tutuş Ýerden gymmat
Kremle Dronly Hüjümi Ukrainanyň Guran Bolmagy Mümkin
Täze “Lada” modeli öndüriler
Türkmenistanly oglanlar tennis boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyna ýeňiş bilen başladylar