Türkmenistan Hytaýa iberiljek tebigy gazyň bahasyna täzeden sereder

Türkmenistan Hytaýa iberiljek tebigy gazyň bahasyna täzeden sereder

Türkmenportal habarlar portalynda ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa amala aşyran saparynyň çäklerinde 5-nji fewralda Pekinde HHR-niň Başlygy Si Sizinpin bilen gepleşik geçirdi. Onuň barşynda nebitgaz pudagyndaky ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

TDH-nyň habar berşi ýaly, türkmen Lideri nebitgaz pudagynda bar bolan mümkinçilikleriň doly derejede açylmandygyny belläp, özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny bilelikde işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hytaýa çekilen ozalky gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak arkaly bu ýurda ugradylýan tebigy gazyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmak üçin taýýardygy tassyklanyldy.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, türkmen tebigy gazynyň HHR-a ugradylmagy meýilleşdirilýän mukdaryny kesgitlemegiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany Galkynyş gaz käniniň ikinji tapgyryny döwrebaplaşdyrmagyň seljerilmelidigini aýtdy. Bu dördünji (D) şahasy boýunça Hytaýa tebigy gazy ugratmak üçin esasy serişde binýadyna öwrülmelidir.

Ýurduň çäginde türkmen tebigy gazynyň dördünji şaha boýunça Hytaýa ugradylýan möçberini üpjün edýän önümçilik, gaz ugradyş düzüminiň döredilmegi çözgüdi talap edilýän esasy meseleleriň biridir. Biziň hünärmenlerimiziň ýakyn wagtda gazy kükürtden arassalamak boýunça kärhananyň, kompressor stansiýalarynyň, Galkynyş gaz käninden Türkmenistanyň goňşy döwletiň çägine çenli gaz geçirijini gurmak meseleleri boýunça gepleşikleri geçirjekdiklerine ynanýaryn diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi.

Türkmen tarapy ikitaraplaýyn ylalaşyklar gazanylandan soňra, hytaý kompaniýasynyň Galkynyş gaz käniniň ikinji tapgyryny HHR-iň göni maýa goýum serişdeleriniň hasabyna işläp taýýarlamagyna gatnaşmak hakyndaky meselelere seredip biler. Şunda hytaý tarapynyň gönükdiren maýa serişdeleri ugradylýan türkmen gazynyň hasabyna yzyna gaýtarylar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň gurluşygynyň taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar hem-de Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý we Hytaý-türkmen komitetlerine bu ugurda bilelikdäki degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Şeýle-de okaň!

Ýene degişli makalalar

Pekinde ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi
Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistan we Hytaý ählitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyga gönükdirilen ugruny tassyklaýar
Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi