Türkmenistan içerki howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär, ilatda alada döreýär

Türkmenistan içerki howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär, ilatda alada döreýär

Türkmenistanda içerki howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi dowam edýär. Köçelerde polisiýa we raýat eşikli howpsuzlyk işgärleriniň köpelmegi göze ilýär. Häkimiýetleriň resmi taýdan düşündirmezden alyp barýan gözegçilik çäreleri ilatda dürli soraglary döredýär.

Türkmenabatda soňky günlerde howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi ýerli ýaşaýjylarda aladalanma we howatyrlanma duýgularyny güýçlendirýär.

Azatlygyň habarçysy Lebap welaýatynyň administraw merkezindäki ýagdaý barada 12-nji aprelde beren maglumatynda köçelerde gözegçilik çäreleriniň güýçlendirilmeginiň ýekşenbe güni şäherde geçirlen welosipedli ýörişden soň hasam göze ilýändigini belledi.

"7-nji aprelde köpçülikleýin welosiped ýörişinden soň bolup geçýän ýagdaý şäher ilatyny aljyraňňylyga salýar. Köpçülikleýin çärede Bitarap Türkmenistan köçesi beklenipdi we Gök bazar ýapylypdy. Bu günler bazaryň işi dikeldilen bolsa-da, onuň daşyndaky we şäheriň köçelerindäki howpsuzlyk gözegçiligi saklandy we has güýçlendirildi" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurduň ähli ýerlerinde köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Hökümet munuň jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrýandygyna ynanýar. Her ýyl müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky bu çäre berk howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilmegine amala aşyrylýar.

Emma ozalky ýyllardan tapawutlylykda köçelerdäki gözegçilik welosipedli ýörişden soň gowşadylmady, tersine pugtalandyryldy.

Şu günler Türkmenabadyň köçelerinde köp sanly polisiýa işgärleri, şeýle-de dürli ýerlerde güýç edaralaryň graždan eşikli işgärleri duş gelýär.

"Polisiýanyň sany köpeldi, diňe Gök bazaryň özünde azyndan iki esse we käbir ýerlerde ýörite howpsyzlyk işgärlerini görüp bolýar.Olar raýat eşikli, emma gulaklarynda ýörite gulaklyklary dakynyp ýörýärler.

Bu şäherdäki durmuşa bulaşyklyk we dartgynlylyk goşýar.Dürli myş-myşlaryň ýaýramagyna, umumy aladanyň ýokarlanmagyna getirýär.Howsala düşýän ýerli ýaşaýjylar nämeleriň bolup geçýändigine düşünjek bolýarlar" - diýip, habarçymyz ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, Türkmenabatdan gürrüň berýär.

Azatlygyň Türkmenabat şäheriniň häkimiýetleri bilen resmi görnüşde habarlaşmak boýunça eden synanyşygy başa barmady.

Lebapdaky ýagdaý türkmen häkimiýetleriniň gitdigiçe ilata gözegçiligini artdyrýan, adamlaryň metjit ýaly köpçülikleýin ýerlere üýşmezligine çalyşýan we dinçilere çäklendirme girizýän wagtyna gabat geldi.

Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegi Moskwada 22-nji martda onlarça adamyň ölümine sebäp bolan ýaragly hüjümden soň başlandy.

Munuň yzýany ýurduň günbatarynda, hususan-da Eýran bilen serhet ýaka sebitlerde, raýat we harby desgalarda tötänleýin ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlara garşy hüşgärlik derejesi ýokarlandyryldy. Şol sanda harby-deňiz güýçleriniň garamagyndaky harby gämilerde söweşjeň taýýarlyk artdyryldy.

Azatlyk Radiosynyň goranyş pudagyndaky çeşmeleri Balkanda güýçlendirilýän hüşgärlik ýagdaýynyň ýurduň günorta goňşusy Eýran bilen Ysraýylyň arasynda dartgynlaşmagy ahmal howpsuzlyk aladalary bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtdaky howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän häzirki çärelere resmi düşündiriş bermedi.

Bu aralykda Türkmenistana başga ýurtlarda zähmet çekýän we okaýan türkmen raýatlary köpçülikleýin dolanyp başlady.

Orsýetde mart aýynda bolan terorçylykly hüjümden soň migrantlara garşy reýdler köpelip, jemgyýetde Merkezi Aziýanyň raýatlaryna ýigrençli duýgularyň güýçlenýän döwründe şol ýerde zähmet çekýän türkmen raýatlary saklanyp, watanyna ugradylýarlar. Soňky günlerde Gazagystandaky suw joşmasy zerarly, bu ýurtdaky türkmen raýatlary hem Türkmenistana gaýdyp başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebap giň gerimli ýowar geçirip, prezidentiň saparyna taýýarlanýar
Aşgabadyň polisiýasy “köpelýän” köçe söwdagärlerini nyşana alýar
Lebapda Nowruz baýramy aýdym-sazsyz, ýöne güýçlendirilen gözegçilikde bellenildi
Marynyň häkimiýetleri ýowar geçirip, howpsuzlygy güýçlendirip, prezidentiň saparyna taýýarlanýar
Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady
Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar