Lebap giň gerimli ýowar geçirip, prezidentiň saparyna taýýarlanýar

Lebap giň gerimli ýowar geçirip, prezidentiň saparyna taýýarlanýar

Lebabyň Türkmenabat şäherinde giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär. Köçeler süpürilýär, ýagtylandyryş çyralary el bilen ýuwulýar, ýollara asfalt düşelýär. Giň gerimli ýowaryň sebäpleri barada resmiler tarapyndan aç-açan düşündiriş berilmeýär. Ýöne Azatlyk Radiosynyň döwlet edaralaryndaky ynamdar çeşmeleri bu işleriň prezidentiň ýakynda sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Şäherde soňky bir ýylyň dowamynda görlüp-eşidilmedik derejede giň gerimli ýowar geçirilýär. Bu işler aeroportyň töwereginden başlap, ençeme köçäni, şol sanda Amul we Bitarap Türkmenistan köçelerini öz içine alýar” diýip, sebitdäki habarçymyz aýtdy.

7-nji martda geçirilip başlanan we 8-nji mart Halkara zenanlar gününde hem dowam etdirilýän bu işler şäheriň arassaçylyk gullugynyň esasan hem zenan işgärleri tarapyndan amal edilýär.

Habarçylarymyz we çeşmelerimiz bu işleri amal edýän zenanlaryň sanynyň 100-den aşýandygyny aýdýarlar.

“Olar Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda we prezident köşgüniň töwereginde gül oturdýarlar. Bu ýerlere ýörite traktorda uly göwrümde gül geldi. Şeýle-de, köçäniň ugrundaky, 2 metr uzynlygyndaky çyralary zenanlar esgi bilen ýuwýarlar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Şeýle-de, köçelerdäki ýol belgileri täzelenip, ýollardaky ak çyzyklar reňklenýär. Köçeleriň gyralaryndaky ýaplaryň haýatlary täze reňke boýalýar. Uly gaz geçiriji turbalar sary reňk bilen reňklenýär.

Mundan başga-da, şäheriň agzalan köçeleriniň asfalty gopan we oýulan ýerlerine gaýtadan asfalt düşelýär. Bu işlere 10-dan gowrak agyr ýük ulagy çekildi.

“Işgärler ýörite agyr tehnika arkaly köçäniň asfalty hatardan çykan bölegini kesip aýyrýarlar we bu ýerlere yssy asfalt düşeýärler. Şeýle-de, olar Türkmenabadyň Bahar etrapçasynda bank işgärlerine niýetlenip gurulýandygy aýdylýan täze köp gatly ýaşaýyş jaýynyň töweregine hem asfalt guýdular” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy belledi.

Ýatlatsak, şu hepdäniň başynda habarçylarymyz Türkmenabatda hatardan çykan köçeleriň köpelendigini, olaryň aglabasynda uly çukurlaryň emele gelendigini habar beripdiler.

Şäherdäki giň gerimli ýowaryň sebäpleri barada ýerli häkimiýetler tarapyndan aç-açan resmi düşündiriş berilmeýär.

Ýöne Azatlygyň döwlet edaralaryndaky ynamdar çeşmeleri bu işleriň prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda sebite etmegine garaşylýan sapary bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.

“Prezidentiň 13-nji martda Lebaba sapar etmegine garaşylýar.Onuň Türkmenabatda bank işgärlerine niýetlenen täze köp gatly ýaşaýyş jaýynyň we Köýtendag etrabynda sement zawodunyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabaralaryna gatnaşjakdygy aýdylýar.

Ilkibaşda prezidentiň Türkmenabadyň günortasynda gurulýan buýandan alynýan kislota zawodunyň açylyş dabarasyna hem gatnaşjakdygy aýdyldy. Ýöne bu zawod doly gurlup gutarmandygy sebäpli, onuň açylyşy goýbolsun edildi” diýip, ygtybarly çeşmämiz gürrüň berdi.

Azatlygyň bu barada welaýat we şäher häkimliklerinden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Häkimiýetler we resmi metbugat ýurt ýolbaşçylarynyň welaýatlara edýän saparlary barada öňünden maglumat bermeýärler. Şol sebäpli saparyň amala aşjakdygy ýa-da aşmajakdygy soňky pursada çenli nämälim bolup galýar.

Ýöne adatça ýurt ýolbaşçylarynyň sebitlere edýän saparlarynyň öňüsyrasynda, ýerli häkimiýetler tarapyndan giň gerimli taýýarlyk çäreleri, şol sanda arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurt ýolbaşçylarynyň sebitlere eden saparlary barada maglumat berse-de, olara görlen taýýarlyklar barada hiç zat aýtmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda Nowruz baýramy aýdym-sazsyz, ýöne güýçlendirilen gözegçilikde bellenildi
Marynyň häkimiýetleri ýowar geçirip, howpsuzlygy güýçlendirip, prezidentiň saparyna taýýarlanýar
Türkmenistan içerki howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär, ilatda alada döreýär
Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar
“Jorap güni”, “Oglanlaryň baýramy”... Türkmenistanlylar 23-nji fewraly’ näresmi ýagdaýda belleýär
Aşgabadyň polisiýasy “köpelýän” köçe söwdagärlerini nyşana alýar