“Jorap güni”, “Oglanlaryň baýramy”... Türkmenistanlylar 23-nji fewraly’ näresmi ýagdaýda belleýär

“Jorap güni”, “Oglanlaryň baýramy”... Türkmenistanlylar 23-nji fewraly’ näresmi ýagdaýda belleýär

Türkmenistanda “Watan goragçylarynyň güni” resmi ýagdaýda 27-nji ýanwarda bellense-de, ýurduň käbir künjeklerinde, hususan-da Lebap welaýatynda, ozalky tejribelere laýyklykda, 23-nji fewralda harbylary, umuman ähli ýigitdir-erkekleri näresmi ýagdaýda gutlamak däbi saklanyp galýar. Sosial torlarda hem türkmen ulanyjylary, esasan-da ýaşlar bu gün bilen baglanyşyky gutlaglary, şeýle-de degişme äheňli postlary giňden paýlaşýarlar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar “Watan goragçylarynyň” resmi baýramynyň diňe ýüzleý, kagyz ýüzünde’ bellenýändigi sebäpli, adamlaryň sowetler döwründen galan ozalky senä has köp ýykgyn edýändiklerini aýdýarlar.

“[Türkmenistanda] resmi ýagdaýda 23-nji fewralda hiç hili baýramçylyk ýok. Ýöne ätiýaja çykan harbylar, Owganystanda [sowetleriň alyp baran urşuna gatnaşan] internasional esgerler, garaz pagon göterýänler’ diýilýänler bu gün özara toplanýarlar, birek-biregi gutlap, baýram edýärler, geçen günleri ýatlaýarlar” diýip, 50 ýaşlaryndaky ozalky bir ofiser lebaply habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz ilat arasynda 23-nji fewrala diňe bir harbylaryň däl, eýse ähli ýigitdir erkekleriň hem baýramy hökmünde garalýandygyny belleýär.

“Bu gün [Türkmenabatda] mekdeplerde, edara-kärhanalarda hem ýigitdir oglanlary gutlaýarlar. Käbir ýerlerde gyz-gelinler kärdeşlerine sowgat hem berýärler. Köçede ýaşaýjylar, esasanam aýal-gyzlar gabadyndan gelýän islendik erkege ýa oglana: “s prazdnikom” (“baýramyňyz bilen”) diýip geçýärler. Garaz her kim bu güni oglanlaryň baýramy’ hasaplaýar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.

Näresmi ýagdaýda bellenilýän bu gün türkmen internet ulanyjylarynyň, esasan-da ýaşlaryň arasynda hem giňden gürrüň edilýär. Käbirler bu gün mynasybetli gutlag postlaryny ýerleşdirseler, beýlekiler, esasan-da oglan ýaşlar bu güni “Jorap güni” diýip degişme ýazgylary, wideolary ýerleşdirýärler. Görnüşinden, olar bu günde öz deň-duş gyzlarynyň has köp “Joraby” sowgat berýändigini ýaňsa alýarlar.

23-nji fewral sowetler döwründen bäri, dürli kesgitlemeler bilen “Watan goragçysynyň güni” hökmünde bellenýärdi. Sowet soýuzy dargandan soňam, bu sene käbir post-sowet döwletlerinde, şol sanda Russiýada hem resmi ýagdaýda bellenip geçilýär.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ozalky türkmen harbysy ilatyň arasynda öňki senä has köp ýykgyn edilmegini, resmi derejede bellenilýän baýramyň diňe “kagyz ýüzünde” bellenmegi bilen düşündirdi.

“27-nji ýanwarda prezidentiň gutlagy çap bolýar, köçelerdäki polisiýa baýramçylyk, ak köýnekli lybasa geçirilýär. Onda-munda mejbury konsert ýa konferensiýa geçirilip, olarda-da watan goragçylary däl-de, režimiň başyndakylar wasp edilýär. Häkimiýetler baýramçylyk duýgusyny berip bilenoklar, ol içgysgynç we birsydyrgyn geçýär. Şol sebäpli-de, adamlar öňki sene-de çyndan baýram edenini gowy görýärler” diýip, lebaply habarçymyzyň söhbetdeşi nygtady.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlar Berdimuhamedowlaryň režimini dürli pikirliligi basyp ýatyrmakda, şeýle-de özleriniň we maşgala agzalarynyň şahsyýet kultuny şöhratlandyrmakda tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar
Lebap giň gerimli ýowar geçirip, prezidentiň saparyna taýýarlanýar
Aşgabadyň polisiýasy “köpelýän” köçe söwdagärlerini nyşana alýar
Lebapda Nowruz baýramy aýdym-sazsyz, ýöne güýçlendirilen gözegçilikde bellenildi
Türkmenistan içerki howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär, ilatda alada döreýär
Marynyň häkimiýetleri ýowar geçirip, howpsuzlygy güýçlendirip, prezidentiň saparyna taýýarlanýar