Türkmenistan JIÖ-niň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdebaryjy boldy

Türkmenistan JIÖ-niň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdebaryjy boldy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň arasynda jemi içerki önümiň ilatyň adam başyna düşýän mukdary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu barada Global Finance žurnaly tarapyndan taýýarlanylan sanawda mälim edilýär.

Dünýäniň 190 döwletiniň maliýe-ykdysady ýagdaýyna esaslanyp düzülen sanawda bellenilişine görä, Türkmenistanda jemi içerki önümiň ilatyň adam başyna düşýän mukdary 19,7 müň amerikan dollaryna deň bolup, ýurt bu ugurda Merkezi Aziýada ikinji orny eýeleýär.

Birinji orundaky Gazagystanda bu görkeziji 34,5 müň amerikan dollaryna deň bolsa, JIÖ-niň jan başyna düşýän mukdary Özbegistanda 10,9 müň amerikan dollaryna, Gyrgyzystanda 6,8 müň amerikan dollaryna hem-de Täjigistanda 5,8 müň amerikan dollaryna barabardyr.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylyň bäş aýynda Azerbaýjanyň JIÖ-i 7 göterimden geçdi
Türkiýäniň JIÖ-i birinji çärýekde 7,3 göterim ösüş görkezdi
Hünärmenler: iň baý 10 adamyň baýlygy Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 40%-iniň umumy baýlygyndan ýokarydyr
Gyrgyzystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Gyrgystanyň JIÖ-i dört aýda 8,5 göterim artdy
Ýaponiýanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 2021-nji maliýe ýylynyň jemi boýunça 2,1% artdy