2023-2024-nji ýyllarda hümmetsizlenme dünýäniň köp ýurdunda saklanar

2023-2024-nji ýyllarda hümmetsizlenme dünýäniň köp ýurdunda saklanar

Şu we geljek ýylda dünýäniň döwletleriniň köpüsinde hümmetsizlenmäniň ýokary derejesi saklanar diýip, Bloomberg neşiri habar berdi.

Boston Consulting Group halkara konsalting kompaniýasynyň çaklamalaryna laýyklykda, dünýä kem-kemden täze ykdysady şertlere uýgunlaşyp başlar, şunuň bilen baglylykda nyrhlaryň ösüşi togtar. Emma barybir 2023-2024-nji ýyllarda hümmetsizlenmäniň derejesi ýokarylygyna galar.

Boston Consulting Group kompaniýasynyň bilermenleri muňa dünýäde dowam edýän harby gapma-garşylykl aryň sebäp bolýandygyny belleýärler, netijede, oba hojalygynda, energetikada, metallaryňdyr ýarymgeçirijileriň söwdasynda üpjünçilik zynjyry bozuldy. Nyrhlaryň gymmatlamagyna şeýle-de ählumumy söwdadan sebit söwdasyna geçilmegi täsir edýär.

Ady agzalan kompaniýanyň bilermenleri 2031-nji ýyla çenli ählumumy söwdanyň ortaça ösüş depgininiň ýylda 2,3 göterime we dünýä JIÖ-niň depgininiň - 2,5 göterime deň boljakdygyny saýlaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Tüwiniň bahasy soňky 15 ýylda iň ýokary derejede gymmatlady
'STOP Methane': Türkmenistan dünýäniň iň uly metan syzdyryjysy
Bloomberg: Abu-Dabi milliarderleriň täze merkezi boldy
2023-nji ýylda dünýäniň iň baý maşgalalary
ABŞ Türkmenistana metan boýunça bilermenlerini iberdi
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy