
7-nji awgustda Ženewada Jynsy taýdan kemsitmeleri ýok etmek baradaky komitetiň 110-njy mejlisi açyldy. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň, Italiýanyň, Horwatiýanyň, Urugwaýyň, Namibiýanyň we Senegalyň kemsitmelere garşy tagallalaryna syn berler.
Mejlisiň çäklerinde Türkmenistan öz hasabaty bilen 21-22-nji awgust aralygynda çykyş eder. Bu hasabatda 2022-nji ýylda geçirilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna laýyklykda, ýurduň ilatynyň etnik düzümi barada täze statistiki maglumatlar berler.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri adam we raýatyň azatlyklaryny hem-de deň hukuklaryny döretmäge we üpjün etmäge gönükdirilen işjeň syýasaty durmuşa geçirýär.
Türkmenistan 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Jyns taýdan kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara Konwensiýany tassyklady.