Ysraýylyň Afrika Bileleşigine Synçy Agzalygyna Reaksiýa Bildirildi

Ysraýylyň Afrika Bileleşigine Synçy Agzalygyna Reaksiýa Bildirildi

Müsüriň “Mysly al-Ýewm” gazeti we merkezi Moritaniýada ýerleşýän “Sahra” media gullugynyň habar bermegine görä şolbir wagtda Afrika Bileleşigine agza 7 arap döwletiniň wekilleri Ysraýylyň synçy agzalyga kabul edilmegi hakyndaky karar boýunça Afrika Bileleşiginiň Başlygy Musa Faka dilden nota berdiler.

Adybir 7 arap ýurdunyň Afrika Bileleşiginiň Addis Ababadaky ilçileri tarapyndan berilen notalarda 7 Afrika ýurdunyň Afrika Bileleşiginiň Palestina meselesine berýän goldawa üns çekip, Ysraýylyň Afrika Bileleşigine synçy agzalyga kabul edilmegine garşylyk görkezendigi beýan edilýär.

Ysraýylyň Afrika Bileleşigine synçy agzalyga kabul edilmeginiň Afrika Bileleşiginiň ulgamyna bap gelmeýändigine üns çekilýän notalarda; “Bu, Komissiýanyň Başlygynyň ygtyýaryna baglyklykda kabul edilip bilinmez. Usulyýet we syýasy taýdan düzgün bozmadyr” diýilýär.

Günorta Afrika Respublikasy, Namibiýa we Botswana hem Ysraýylyň Afrika Bileleşigine synçy agzalyga kabul edilmegine garşy durupdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Namibiýanyň täze Prezidenti Nangolo Mbumba kasam kabul etdi
Afrika yklymynyň erkin söwda zolagy dörediler
Haýsy jandar ýürekli?