Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Adam hukuklaryny goramakdaky meseleler: ombudsmenleriň (adalatçylaryň) iň oňat tejribelerini paýlaşmak atly VII halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy. Bu barada TASS habar berdi.

Halkara ylmy-amaly maslahat Russiýa Federasiýasynyň Adam hukuklary boýunça doly ygtyýarly wekili Tatýana Moskalkowanyň başlangyjy bilen, Adam hukuklary boýunça ählumumy jarnamanyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirildi.Oňa dünýäniň 47 döwletiniň, şol sanda Azerbaýjanyň, Botswananyň, Gazagystanyň, Kataryň, Gyrgyzystanyň, Maliniň, Meksikanyň, Namibiýanyň, Nikaraguanyň, Täjigistanyň, Tanzaniýanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Ugandanyň, Özbegistanyň hem-de Günorta Osetiýanyň adam hukuklary boýunça doly ygtyýarly wekilleri, görnükli syýasatçylar we döwlet edaralarynyň işgärleri, şeýle-de halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Ombudsmenleriň (adalatçylaryň) başarnyklary atly tema boýunça geçirilen maslahatyň dowamynda adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň dürli çylşyrymly taraplary, bu babatda milli kanunçylyklardaky öňdebaryjy tejribeler, şeýle-de degişli ugur boýunça halkara derejede çözülmeli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Afrika Bileleşigine Synçy Agzalygyna Reaksiýa Bildirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäniň iň uly milli seýilgähleri
Tebigatda seýrek duş gelýän aklar
Namibiýanyň täze Prezidenti Nangolo Mbumba kasam kabul etdi
Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasy Halkara parahatçylyk güni mynasybetli çärelere gatnaşdy