Afrikanyň merjeni türkmen syýahatçylaryna garaşýar

Afrikanyň merjeni türkmen syýahatçylaryna garaşýar

Türkmenistan bilen Ugandanyň arasynda müňlerçe kilometr ýatyr, muňa garamazdan bu ýeriň täze açyşlar we täsinlikler ugrundaky türkmen syýahatçylary üçin meşhur ýerleriň biri bolmak ähtimallygy uludyr.Bu barada Aşgabatda açylan Turkmentravel 2026 atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna gatnaşan Ugandanyň syýahatçylyk geňeşiniň wekilleri (Uganda Tourism Board UTB) aýdyp berdiler.

Myhmanlaryň ünsüni aýratyn hem Afrikanyň öňdebaryjy Kubwa Five Safaris syýahatçylyk kompaniýasynyň wekiliniň reňkli lybasy özüne çekdi.Wekiliýetiň agzasy paýtagtymyzyň söz bilen beýan edip bolmajak gözelligi barada belläp geçmek bilen biziň ýurdumyzdaky syýahatçylar üçin Gündogar Afrikada açylýan mümkinçilikler barada aýdyp geçdi.

Kubwa Five Safaris kompaniýanyň ýolbaşçysy Jozef Aliganýiriň aýtmagyna görä, kompaniýa 2018-nji ýyldan bäri Afrikanyň tebigatyna gyzykly gezelençleri guraýar.Syýahatçylyk ugurlarynyň içinde Gündogar we Günorta Afrikanyň Keniýa, Tanzaniýa, Ruanda, Namibiýa we Madagaskar ýaly esasy ýerleri girýär.

Kubwa sözüniň özi suahili dilinden terjime edilende uly diýmegi aňladyp, uly bäşlige girýän ýolbars, alajagaplaň, pil, kerk we kapsk gäwmişi bolan afrikan haýwanlarynyň adyndan gelip çykýar.Safari maksatnamasy her bir syýahatçynyň şu äpet jandarlar bilen olaryň öz ýaşaýyş şeklinde tanyş bolmagyna ýöriteleşdirilen.

Uganda bu kontinentiň iň täsin ýerleriniň biri hasaplanýar.Hut şu ýerde Ýer ýüzünde iň köp dag gorillalary we şimpanze maýmynlary bar.Baý faunasyndan daşary ýurt öz landşaftlary bilen göreni haýrana goýýar.

Bu ýerde öz gözbaşyny Nil derýasyndan alyp gaýdýan owadan şaglawuklar ýerleşýär, şeýle-de gyzgyn howasyna garamazdan dag gerişlerinde gar hem bar.Turkmentravel 2026 atly halkara sergi we maslahatyna gatnaşmagynyň esasy maksady bolsa Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybarat.

Ugandanyň wekilleri Afrikanyň merjeniniň ähli baýlygyny we myhmansöýerligini ýurdumyzyň raýatlaryna açmak bilen ýerli agentlikler bilen işjeň aragatnaşygy ýola goýmaga taýyndyklary barada aýdyp geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy
Salah milli toparyna 90-njy minutdan soň ýeňiş getirdi
1/8 finala çykan toparlar belli boldy
Kongo Demokratik Respublikasynda 25 esgere ölüm jezasy berildi
Ertir 35-nji Afrika Milletler Kubogyna badalga berler
Faworitler ýeňiş bilen başlady