Türkmenistan KAMAZ we Tatneft taslamalary boýunça Tatarystan bilen haryt dolanyşygyny ýokarlandyrar

Türkmenistan KAMAZ we Tatneft taslamalary boýunça Tatarystan bilen haryt dolanyşygyny ýokarlandyrar

Bu barada 15-nji iýunda Kazan şäherinde türkmen-tatar Iş toparynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça geçiren özara duşuşygynyň dowamynda bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministri Oleg Korobçenko KAMAZ paýdarlar jemgyýeti, Tatneft paýdarlar jemgyýeti, KER-Holding, Kazanyň dikuçar zawody, Ak bars gämi gurluşyk korporasiýasy we beýleki kärhanalar bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerinde haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak bilen bagly şertnama baglaşdylar.

Taraplar üstümizdäki ýylda türkmen-tatar bilelikdäki Iş toparynyň 8-nji ýygnagyny, şeýle hem Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günlerini geçirmek ýaly birnäçe bilelikdäki çäreleri guramak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

ТУРКМЕНО-ТАТАРСТАНСКИЙ БИЗНЕС-ФОРУМ
Türkmen-tatar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy
Halk market türkmen-tatar işewürlik forumynda hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy
TÜRKMEN-TATAR GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRMEGIŇ GELJEKKI UGURLARY MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Tatarystanyň Prezidentiniň...
Ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlary