Türkmenistan Kawasaki kompaniýasy bilen Marykarbamid zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmakda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan Kawasaki kompaniýasy bilen Marykarbamid zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmakda hyzmatdaşlyk eder

19-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenhimiýa döwlet konserniniň garamagyndaky zawodlaryň önümçilik ygtybarlylygyny gazanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda bellenilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Marykarbamid zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, ony önümçilikde ulanylýan çig mallar we himiki serişdeler, ätiýaçlyk şaýlary, enjamlar bilen yzygiderli üpjün etmek, göz öňünde tutulan tehniki kadalara laýyklykda bejermek, abatlamak boýunça zerur işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanyň daşary ýurt kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak babatda beren tabşyryklary esasynda, zawody taslama kuwwatyna çykarmak maksady bilen, Kawasaki Heavy Industries Ltd. ýapon kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň Marykarbamid zawodyny bökdençsiz işletmek üçin, tehnologik kadalara laýyklykda, önümçiliklerde ulanylýan çig mallar, himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries Ltd. kompaniýasy bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti "Kawasaki Heavy Industries Ltd." kompaniýasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Türkmenistan we ýapon kompaniýasy “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmakçy
Balkan welaýatynda iri desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralary geçirildi
20.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti senagat - kommunikasiýa toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
05.03.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy