Türkmenistan we ýapon kompaniýasy “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmakçy

Türkmenistan we ýapon kompaniýasy “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmakçy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmak maksady bilen, “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” ýapon kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer “Marykarbamid” zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, ony önümçilikde ulanylýan çig mallar we himiki serişdeler, ätiýaçlyk şaýlary, enjamlar bilen yzygiderli üpjün etmek, göz öňünde tutulan tehniki kadalara laýyklykda bejermek, abatlamak boýunça zerur işleriň geçirilýändigi barada habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Marykarbamid” zawodyny bökdençsiz işletmek üçin, tehnologik kadalara laýyklykda, önümçiliklerde ulanylýan çig mallar, himiki serişdeler bilen yzygiderli üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasy bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça teklibi goldady we wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Kawasaki kompaniýasy bilen Marykarbamid zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmakda hyzmatdaşlyk eder
Türkmenistanyň Prezidenti "Kawasaki Heavy Industries Ltd." kompaniýasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Balkan welaýatynda iri desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralary geçirildi
20.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti senagat - kommunikasiýa toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
05.03.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy