TÜRKMENISTAN MELHEMLER MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aşgabat şäher häkimliginde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistan melhemler mekany ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bütindünýä saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýä we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýram bolup, Aşgabat şäher häkimliginde “Türkmenistan melhemler mekany” atly göçme sergi gurnaldy we bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň köp tomly ylmy-ensiklopedik eserleri “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Çaý melhem - hem ylham”, “Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar”, “Türkmenistan melhemler mekany” atly kitaplaryndan kitap sergi gurnalyp, bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma öwrülendigi, aýratynam saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ebedi hyzmat etjek genji-hazyna bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de alym Arkadagymyzyň döwürleri nesilleriň durmuşy bilen baglanyşdyrýan atalyk kitaplary halkymyzyň saglygyny berkitmekde we ony goramakda bahasyna ýetip bolmajak egsilmez çeşmedigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Jemgyýetiň ösüşinde ýaşuly nesliň durmuş tejribesini goldanyp
Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesilleriň baýramy
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
Watanyň geljegi- bagtyýar ýaşlar
Türkmenistanda Aşgabadyň 145 ýyllygy we “Soňky jaň” dabarasy giňden bellenilýär
Gahryman Arkadagymyz Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Netijeli hyzmatdaşlyk we döredijilikli zähmet — Watanymyzyň täze sepgitleriniň binýady