Türkmenistan Merkezi Aziýa + Ýaponiýa görnüşindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan Merkezi Aziýa + Ýaponiýa görnüşindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär

Merkezi Aziýa + Ýaponiýa Dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi geçirildi. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary gatnaşdy. Mejlisde Türkmenistana daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar şu ýylyň 9-10-njy awgusty aralygynda Astana şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa + Ýaponiýa Dialogynyň sammitine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda sammitiň we işewürler forumynyň maksatnamasyna we gün-tertibine seredildi, şeýle hem sammitiň jemleýji resminamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda A.Gurbanow türkmen tarapynyň Dialogyň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Oksana Domenti (BSGG): Türkmenistan ählumumy lukmançylyk diplomatiýasynyň işjeň gatnaşyjysydyr
Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri bilen duşuşyklar
Erdogan Starmere: Eýranda parahatçylygyň gijikdirilmegi global durnuklylyga zyýan ýetirip biler
Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda şygryýet marafonyny geçirildi