Türkmenistan “Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi” sammitine gatnaşdy

Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde “Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi” liderleriniň ikinji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow we Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti Şarl Mişel gatnaşdy.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow “Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi” sammiti iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen geçirilýändigini belledi.

Ol Gyrgyz Respublikasynda ikinji sammiti geçirmek baradaky başlangyjy goldandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Çolpan-Ata duşuşygynyň Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynanýandygyny mälim etdi.

Sammitiň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda “Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi” liderleriniň ilkinji mejlisi geçirilipdi.

Ýene degişli makalalar

Öýlere baýdak asmaklyk talap edilýär, iri sosial hasaplar 'baýdak wideolary bilen çaýkalýar'
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara foruma gatnaşandyklary üçin dünýä Liderlerine minnetdarlyk bildirdi
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri Aşgabada geldiler
Dünýä Liderleri Aşgabatdaky forumda Magtymguly Pyragynyň goşandyna ýokary baha berdiler
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesini Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal bilen sylaglady