Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň mejlisine gatnaşdy

29-30-njy aprel aralygynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan Respublikasy bilen Arap ykdysady hyzmatdaşlygy forumynyň üçünji mejlisi geçirildi. Forumyň işinde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakow ýolbaşçylyk edýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Öz çykyşynyň dowamynda türkmen tarapy Azerbaýjanyň, Merkezi Aziýa we Arap ýurtlarynyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmekde edilýän tagallalaryň durmuşa geçirilmegiň ähmiýetini bellemek bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda-senagat, ulag-energetika, daşky gurşaw ýaly pudaklaryň çykyş edýändigini nygtady.

Çäräniň barşynda Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň departamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi.Söhbetdeşligiň çäklerinde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer çygyrlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlaryň ähmiýetine üns çekdiler.

Aýdylanlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge iki halkyň özara medeniýet günleriniň geçirilmeginiň we hökümetara türkmen-katar toparynyň işiniň itergi berýändigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Mehmet Şimşek Katarda saparda bolýar
Daşary Işler Ministri Fidan Katara Gitdi
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Türk Firmalary Katarda Geçirilýän DIMDEX Sergisine Gatnaşýar
Katarlylar Mehter Toparynyň Çykyşyna Uly Gyzyklanma Görkezdi
28-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal