Türkmenistan Niderlandlar bilen oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýýar

Türkmenistan Niderlandlar bilen oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan, ýurduň Oba hojalygy ministrliginiň wekillerinden hem-de beýleki hususy işewürlerden ybarat bolan türkmen wekiliýeti 10 — 14-nji iýun aralygynda geçirilen Green Tech Amsterdam 2024 abraýly halkara sergisine gatnaşmak üçin Niderlandlara sapar bilen bardy.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, saparyň maksady diňe sergä gatnaşmakdan ybarat bolman, oba hojalygynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açmak bilen hem baglydyr.

Green Tech Amsterdam 2024 halkara sergisinde türkmen wekiliýetiniň agzalary oba hojalygy pudagyndaky öňdebaryjy täzelikler we tehnologiýalar bilen tanyşdylar, bazaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen duşuşdylar we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, Niderlandlaryň oba hojalygy pudagynda işewür gatnaşyklaryna gözegçilik edýän esasy guramalary bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Bu bolsa türkmen tarapyna Niderlandlaryň degişli ugurdaky işewürlik gurşawy barada has köp maglumat almaga we bilelikdäki taslamalar üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Saparyň essy wakalarynyň biri Green Tech Amsterdam halkara sergisiniň çäginde Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan guralan Türkmen forumy boldy. Bu çäre ýurduň oba hojalygy pudagyndaky maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin daşary ýurt kompaniýalaryny, türkmen işewürlerini we halkara maliýe guramalaryny bir ýere jemledi.

Ýene degişli makalalar

14-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Golland kompaniýalary Türkmenistanyň oba hojalyk mümkinçiliklerini öwrendiler
Lebapda gazanç üçin Demirgazyk Kipra gidýän köpeldi
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti UI GreenMetric World University Ranking ulgamynda hasaba alyndy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi