TÜRKMENISTAN OWGANYSTANYŇ SEBITLERINI ELEKTRIK ENERGIÝASY BILEN ÜPJÜN ETMEGINI DOWAM EDÝÄR

Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Bu bolsa Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny tutuşlygyna, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar etraplaryny, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap sebitlerini, şeýle-de Mazari-Şarif, Şibergan, Hyrat we beýleki şäherlerini hem elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça 500 kW ýokary woltly elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy durmuşa geçirilmeginiň işjeň tapgyrynda alnyp barylýar.( https://www.mfa.gov.tm)

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Owganystana türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligini uzaltmak baradaky ylalaşyga gol çekildi
Owganystanyň Mazari-Şarif şäherinde bombaly hüjüm guraldy
Owganystandaky ýer titreme Türkmenistanyň käbir sebitlerinde hem ýiti duýuldy, köp ýaşaýjy gijäni köçede geçirdi
Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi
Owganystanda türkmen tarapynyň goldaw bermeginde täze metjit guruldy
Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi
Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi