Türkmenistan Parižde nebitgaz boýunça geçiriljek halkara göçme foruma taýýarlyk görýär

Türkmenistan Parižde nebitgaz boýunça geçiriljek halkara göçme foruma taýýarlyk görýär

Türkmenistan nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Amanow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky Kararyna laýyklykda, bu forumy 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu forumy guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanyň tabşyryklaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetiň energetika, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumda ýurduň maýa goýum taslamalarynyň giňden açylyp görkezilmelidigine ünsi çekdi hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini wise-premýere tabşyrdy.

Bu barada TDH habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Parižde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum geçiriler
Türkmenistanyň halkara nebitgaz forumy Parižde öz işine başlady
Türkmen telekeçileri Parižde geçiriljek TEIF 2024 halkara forumyna gatnaşarlar
16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar