Türkmenistan Russiýadaky raýatlarynyň Ukraýinada söweşmegini gadagan eder

Türkmenistan Russiýadaky raýatlarynyň Ukraýinada söweşmegini gadagan eder

21-nji sentiýabrda Russiýanyň prezidenti Putin ätiýaçdäkileriň “bölekleýin mobilizlenmegini” yglan etdi.

Şol günüň özünde Aşgabatda agşam sagat 22:00-da Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly maslahaty geçirildi. Onda Putiniň beýanatyndan soňra kabul edilmeli çäreler maslahatlaşyldy. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarly çeşmesi maglumat berýär.

Goranmak ministrligine, MHM-ne, IIM-ne we DIM-ne RF-niň we Ukraýinanyň arasynda barha möwjeýän harby konflikt, RF-niň çäginde harby ýagdaýyň yglan edilmegi bilen ilteşikli çäreleriň meýilnamasyny 10 günüň içinde bilelikde işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Meýilnama taýýarlananda göz öňünde tutulmaly käbir bölekleriň arasynda:

-Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanalary we konsulhanalary türkmen raýatlarynyň-studentleriň, zähmet migrantlaryň we beýlekileriň Gazagystan arkaly gury ýerden (howa ýollary uçuşlary göz öňünde tutulmaýar) ewakuasiýasyny üpjün etmeli,

-DIM we GM bu hereketleri Gazagystanyň degişli gulluklary bilen ylalaşmaly,

– Konsulhanalaryň aýratyn görkezmä çenli çet ýurtlylara wiza bermezligini tabşyrmaly,

–Türkmenistanyň raýatlarynyň Ukraýinadaky harby hereketlere gatnaşmak üçin meýletinçi ýa hakyna tutma hökmünde harby birleşiklere girmegi gadagan edilýär.

Bularyň dolyrak rusça mazmuny bilen şu çelgiden tanyşmak mümkin:

Bellesek, 21-ni sentiýabrda Federasiýa Geňeşi harby gulluga giden çet ýurtlylaryň rus raýatlygyny almagyny ýeňilleşdirýän kanunyň taslamasyny makullady.

Mundan soňra Gyrgyzystan,, Täjigistan we Özbegistan Russiýadaky raýatlaryna ýörite harby hüjümlere gatnaşanlaryň jenaýat jogapkärçilige çekiljekdigini yglan etdiler.

Bu üç ýurtda kanun bozanlara jenaýat jogapkärçiligi we azatlykdan mahrum edilmek abanýar.

2021-nji ýylda 3628 sany Türkmenistanly, şu ýylyň 6 aýynda 1549 adam Russiýanyň raýatlygyny aldy.

Russiýada wagtlaýyn ýaşamak rugsadyny 3775 sany Türkmenistanyň raýaty aldy.The post Türkmenistan Russiýadaky raýatlarynyň Ukraýinada söweşmegini gadagan eder first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň raýatlygyny alan 121 müňden gowrak MA ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň 1549-i Türkmenistanly
Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
Azatlygyň habaryndan soň, Türkmenistan demirgazyk Owganystandaky içerki bosgunlara ynsanperwer kömegini berdi
Stambulda ölen migrantyň hossarlaryna goldawyň deregine dymmagy üçin basyş edilýär
Türkmen kontrazwedkasy sugulçylaryny köpeltmek üçin Türkiýede duşuşyklar geçirýär
Türkmenistanyň goňşy ýurtlary bilen serhetlerini ýapmagynyň fonunda, ýüzlerçe türk sürüjisi türkmen-eýran serhedinde saklanyp galýar