Türkmenistan saglygy goraýyş boýunça täze halkara güwänamalara mynasyp boldy

Türkmenistan saglygy goraýyş boýunça täze halkara güwänamalara mynasyp boldy

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri tarapyndan Türkmenistana ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikleri üçin berlen täze güwänamalar barada hasabat berdi we döwlet Baştutanyny halkara ähmiýetli bu şatlykly hoş habarlar bilen tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistana BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Hökümetiniň hemmeler üçin ýokary hilli dermanlara elýeterliligini, lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderliligini we hilini üpjün etmek arkaly saglygy goraýşyň hyzmatlarynyň ählumumy gurşawynyň ýolunda ösüşi çaltlaşdyrmak boýunça möhüm tagallalary üçin atly güwänama, BSGG-niň Supramilli referens-barlaghanasynyň (Gauting, GFR) degişli güwänamalary berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer N.Amannepesowa saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan üstünlikler üçin Türkmenistana Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň güwänamalaryny 27-nji dekabrda, Ýaşlar forumynda gowşurmagy we bu çäräni ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama kabul ediler
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen ýaşlary Hytaýa we Wengriýa okuwa iberiler