Türkmenistan Samarkantda geçirilýän Aziýa zenanlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Samarkantda geçirilýän Aziýa zenanlar forumyna gatnaşýar

13-14-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Aziýa zenanlar forumyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde iş saparynda bolýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, maslahatyň maksady zenanlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekden, ykdysadyýete gatnaşygyny giňeltmekden, şeýle hem häzirki zaman şertlerinde zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmak üçin sebitde özboluşly gepleşik giňişligini döretmekden ybaratdyr.

Mejlisiň wekilleri Zenanlaryň ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge sebitleýin çemeleşme atly Aziýa zenanlar forumynda Merkezi Aziýa sebitinde gender deňligini üpjün etmekde durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler barada çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedowyň Pariž sapary Türkmenistanyň täze daşary syýasat meýillerine gabat gelýär Pannier
Synçy: Berdimuhamedowyň MA saparlary sebitde türk täsirine garşylygyň döreýän pursatyna gabat gelýär
Diňle: MA-ÝB sammitiniň yz ýany, synçylar Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky soraglara ünsi çekýär
MA-ÝB sammitiniň yz ýany, synçylar Türkmenistanyň daşary syýasatyndaky soraglara ünsi çekýär
ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär
Diňle: ÝB Samarkant sammitinde Merkezi Aziýa bilen gatnaşygyny güýçlendirmegi maksat edinýär
ÝB-niň daşary syýasat başlygy, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas Aşgabada gelip, MA saparyna başlaýar