Türkmenistan Merkezi Aziýa Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşindäki foruma gatnaşar

Türkmenistan Merkezi Aziýa  Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşindäki foruma gatnaşar

15-nji aprelde Özbegistanyň Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşindäki dialogyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçiriler.

Duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Geňeşe agza döwletler bolan Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, BAE-niň, Omanyň we Saud Arabystanyň wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Duşuşykda 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Jiddada geçirilen Merkezi Aziýa Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşindäki dialogyň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň çäginde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine serediler. Şeýle-de, syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýumlary, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer, howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşylar.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylda Samarkantda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşindäki dialogyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk barada pikir alşylar.

Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, Merkezi Aziýa Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşindäki dialogyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki beýannamanyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

7-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň daşary işler ministri Daşkende iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi
2026: Türkmenistan we Saud Arabystany haj möwsümini gurnamaklygy ylalaşdylar
Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi
Türkmenistan awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer
Türkmenistanda daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmaklarynda Täze ýyl konserti bolar; 2024-nji ýylyň başynda Aşgabatda Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisi geçiriler we beýleki habarlar