Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi

Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi

8 — 11-nji ýanwar aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde Haj we umra hyzmatlary atly maslahaty we sergisi geçirilýär. Oňa 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşýar.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, türkmen tarapyndan bu maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Bu çäräniň maksady zyýaratçylar üçin has amatly şertleri döretmek hem-de dini we medeni tejribelerini baýlaşdyrmak diýlip, habarda bellenilýär.

Agzalan çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2024-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Maslahat we sergi öz işini dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

2026: Türkmenistan we Saud Arabystany haj möwsümini gurnamaklygy ylalaşdylar
Umra gitjek bolýan türkmenistanlylar ýurtdan çykmak we puluny yzyna almak kynçylygyny çekýär
Toýotada “Toyota”-lylaryň ýeňşi
7-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistan awiakompaniýasy Milana, Kuala-Lumpura, Jidda we Hoşimine uçuşlaryny dowam etdirer
Türkmenistanda daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmaklarynda Täze ýyl konserti bolar; 2024-nji ýylyň başynda Aşgabatda Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisi geçiriler we beýleki habarlar