Türkmenistanda daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmaklarynda Täze ýyl konserti bolar; 2024-nji ýylyň başynda Aşgabatda Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisi geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanda daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmaklarynda Täze ýyl konserti bolar; 2024-nji ýylyň başynda Aşgabatda Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisi geçiriler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmaklarynda Täze ýyl konsertleri geçiriler. 24-nji dekabrda asly türkmen bolan eýranly meşhur aýdymçy Emin Rasen çäräniň hormatly myhmany bolar.

2. 25-nji dekabrda türkiýeli ýyldyz aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşu baýramçylyk konsertini bererler.

3. 26-njy dekabrda rus estradasynyň ýyldyzlary Nýuşa we Olga Şultaýs Aşgabatdaky toplumyň meýdançasynda çykyş ederler.

4. 2024-nji ýylyň başynda Aşgabatda Hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Mejlisiň gün tertibine ykdysadyýetde, bilimde, ylymda we beýleki pudaklarda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen baglanyşykly meseleleriň uly toplumy giriziler.

5.Aşgabatdaky baýramçylyk ýarmarkalarynda oba hojalyk we azyk önümleriniň, Täze ýyl ýadygärlik sowgatlarynyň we bezegleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär.Aşgabadyň köçeleriniň, seýilgähleriniň we meýdançalarynyň Täze ýyl äheňinde bezelmegi, fotosurat zolaklarynyň we milli äheňdäki bezegleriň ýerleşdirilmegi baýramçylyk duýgusyny döredilýär.

Agşamyň düşmegi bilen türkmen paýtagty hakyky ertekä öwrülýär.Söwda merkezlerinde we döwlet dükanlarynda Täze ýyl harytlary hödürlenýän ýörite bölümler açyldy. Şu günler ýurduň ähli bazarlary köp adamly we joşgunly.

6. Şu hepdäniň dynç günlerinde 23-24-nji dekabr aralygynda Aşgabatda +22 gradusa çenli maýyl howa garaşylýar. Anna güni günüň iň ýokary temperaturasy +13 gradus bolsa, şenbe güni howa +20 gradusa çenli gyzar. Şol bir wagtyň özünde, ortaça gündelik temperatura +13 gradus bolar.

7. Rus dili Türkmenistanda milletara aragatnaşyk üçin möhüm gural bolmagynda galýar. Ýurduň ilatynyň, takmynan, 12%-i ony ene dili hasaplaýar, belli bir derejede garrylar we ýaşlar bu dile erk edýärler. Türkmenistandaky mekdepleriň köpüsinde rus dilinde sapak berilýär. Ol ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem köp sanly kurslarda öwrenilýär.

Dünýäde

8.Stambul 2024-nji ýylda syýahat etmek üçin iň gowy 50 ýer sanawyna girizildi we indiki ýylda syýahat etmek üçin amatly ugurlaryň biri hökmünde maslahat berildi. Şäheriň joşgunly atmosferasy we özüne çekiji meşhur künjekleri myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.

Stambulyň häzirki zaman görnüşi iki yklymda geçmişi we şu güni birleşdirip, şäheriň Ajaýyp şäher täsirleri kategoriýasynda iň köp syýahat edilýän ugurlaryň hataryna girmegine mümkinçilik döretdi.

9.OAG britan gözleg kompaniýasynyň habar bermegine görä, Günorta-Gündogar Aziýanyň iň uly iki şäheri bolan Singapur bilen Kuala-Lumpuryň aralygyndaky uçuş ugry 2023-nji ýylda dünýäde iň işjeň ugur boldy.

Geçen ýylda bu ugurda 4,9 million adam syýahat etdi, bu 2022-nji ýyldakydan bir ýarym esse köpdür.Dünýäniň iň köp gatnalýan howa ugurlarynyň sanawynda ikinji orunda Kair Jidda uçuşy, üçünji orunda bolsa Gonkong Taýwan bar.

Sport habarlary

10.Aşgabatdaky Olimpiýa suw sport toplumynda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň kubogy badalga aldy.Dört gün dowam etjek bäsleşigiň netijelerine görä, eminler arkanlygyna ýüzmek, erkin usulda, brass usulynda, kebelek usulynda ýüzmek we estafeta ýaryşlarynda iň gowulary kesgitlärler.

Baýraklar ugrundaky ýaryşa 150 töweregi türgen gatnaşdy.Bäsleşigiň ilkinji gününde 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça final ýaryşy örän çekeleşikli geçdi.Onda Anastasiýa Morgenştern birinji boldy.

Bu uzaklyga erkekleriň arasynda Musa Jalaýew ýeňiji boldy. 400 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde gyzlaryň arasynda iň gowy wagty Waleriýa Mirenskaýa görkezdi, erkekleriň arasynda bolsa Kemal Osmanow bu uzaklykda birinji geldi.

Bäsleşikler dowam edýär.

11. Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy we Aurora Gaming kompaniýasy hyzmatdaşlyk hakynda yglan etdiler. Täze hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim edaralarynda kibersporty ösdürmek we durmuşa geçirmek meýilnamasyny bilelikde işläp düzmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylyň iň meşhur howa gatnaw ugry agzaldy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Daşkende iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Merkezi Aziýa we AHG-niň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyk geçirdi
Sebitara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürüldi