Türkmenistan Sindzo Abeniň aradan çykmagy zerarly Ýaponiýa gynanç bildirýär

Türkmenistan Sindzo Abeniň aradan çykmagy zerarly Ýaponiýa gynanç bildirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we Premýer-ministr Fumio Kisida Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito, Premýer-ministr Fumio Kisida we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Başlygy Hiroýuki Hosoda bu gynançly waka zerarly duýgudaşlyk bildirdi.

Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna, şeýle-de Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda merhum Sindzo Abeniň adyna sadaka berildi
Türkmenistanyň Baştutany Ýaponiýa Sindzo Abeniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasyny berildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeni hatyralap gurbanlyk sadakasyny berdi
Pajygaly aradan çykan Sindzo Abeniň hatyrasyna Aşgabatda sadaka berildi
Gurbanguly Berdimuhamedow oglunyň adyndan Sindzo Abe üçin sadaka berdi