Türkmenistanda merhum Sindzo Abeniň adyna sadaka berildi

Türkmenistanda merhum Sindzo Abeniň adyna sadaka berildi

Aşgabatda duşenbe güni “Arkadag” myhmanhanasynda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine gurbanlyk sadakasy berildi.

Sadaka Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan berildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, bu çärä hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Sindzo Abeniň häzirki döwür dünýä syýasatçylarynyň hem-de döwlet işgärleriniň arasynda aýratyn orun eýeländigini hem-de halkara derejede belent abraýa eýe bolandygyny aýtdy.

Sindzo Abe Ýaponiýanyň Hökümetiniň Baştutany bolmak bilen, tutuş ömrüni öz ýurdunyň bähbidine gulluk etmäge bagyşlady diýip, Gurbanguly Berdimuhammedow aýtdy. Sindzo Abe Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna uly goşant goşandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmenistanlylaryň ýapon halky bilen bilelikde bu agyr ýitgi zerarly çuňňur gynanç duýgularyny başdan geçirýändigini aýdyp, ajaýyp adam, beýik syýasatçy Sindzo Abeniň nurana keşbiniň biziň ýüreklerimizde ebedilik galjakdygyny nygtady.

Merhumyň ýagty ýadygärligine hormat goýlup, bir minut dymyşlyk yglan edildi. Soňra tebärek çykaryldy we Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasy berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ilçisine Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan Imperator Naruhito, dostlukly ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisida çuňňur gynanç sözlerini ýetirmegini haýyş edip, hut öz adyndan hem-de maşgalasynyň adyndan Sindzo Abeniň ýakynlaryna çuňňur duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini ýetirmegini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito we Premýer-ministr Fumio Kisida Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda, biwagt aradan çykmagy zerarly anna güni çuňňur gynanjyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Halk Maslahatynyň Başlygy Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
Ýaponiýa öňki Premýer-ministr Sindzo Abe bilen hoşlaşdy
Tokioda Ýaponiýanyň öňki premýer-ministri Sindzo Abeni jaýlamak çäresi geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeni hatyralap gurbanlyk sadakasyny berdi
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Tokioda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi