Türkmenistanyň Ýaponiýadaky täze ilçisi ýurduň Daşary işler ministrliginde kabul edildi

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky täze ilçisi ýurduň Daşary işler ministrliginde kabul edildi

9-njy awgustda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow hoşniýetlilik sapary hökmünde Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament boýunça orunbasary Taro Honda bilen duşuşdy. Bu barada ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Taro Honda şu ýylyň aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde tassyklanan iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berdi. Diplomat türkmen tarapyna Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni hatyralap, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan berlen sadaka üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen diplomaty, öz gezeginde, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň halkara giňişlikde, şol sanda "Merkezi Aziýa - Ýaponiýa" dialogynyň çäginde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini aýdyp, ýapon kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky işleri dogrusynda aýratyn durup geçdi. Ilçi energetika ulgamyndaky bu hyzmatdaşlygyň geljekde-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Ilçi Atadurdy Baýramow Ýaponiýada işe başlady
Türkmen ilçisi: Türkmenistandaky ýapon kompaniýalarynyň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýetlidir
Ýaponiýa we Türkmenistan resmileri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ünsi çekýärler
Türkmenistanyň welaýatlarynda resmi LC Waikiki dükanlary açylary, 2022-nji ýylyň 1-nji awgusty boýunça ýurdumyzda 2152 sany bankomat hereket edýär, Aşgabatdaky iş orunlarynyň ýarmarkasyna 45 sany hususy kärhana gatnaşdy
Kisida Gurbanguly Berdimuhamedowy Ýaponiýa çagyrýar
Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeniň jaýlanyş çäresine gatnaşar